uly u‧ly sypat

  1. Kiçi däl, göwrümi, gabarasy ullakan, gaba.

    • Bu zatlaryň şkafyň uly gözüne salaýsa, ulus-il rahat.

  2. Özüňden ýaşy ýokary bolan.

  3. Has aýratyn ähmiýeti bar bolan, has aýratyn ähmiýete eýe bolan.

    • Işiň ulusy öňde. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Bir kiçijik oglan şeýle uly iş bitiripdi -- diýip, il içine dabara düşüp, uly ile ýaýrady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Göçme manyda Ýolbaşçy, serdar.

    • Uludan uly bar diýipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Batly, güýçli.

    • Birdenkä güýçlenip, uly ýel boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Onuň ýüreginde uly joşgunlar möwç urýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ol öýden çykýardy uly zenzele. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem uly - uluda, ulular, ulusy.

ula gitmek (goýbermek)

Ýaryşda iň uly baýraga atyňy goşmak.

  • Ýygymçylar edil atlaryny ula goýberen ýaly, tabelçä garaşyp durdular. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ula turmak

Göreşde atly pälwanlar bilen göreşmek, ilki dördüň biri bolmak.

uludan dem almak

seret dem

  • Uludan dem alýar, kellesin ýaýkap. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ula
  • ulam
  • uludan
  • uludy
  • uludygy
  • uludygyna
  • uludygyndan
  • uludygyny
  • uludygynyň
  • uludyr
  • uluja
  • ulujalaryna
  • ulujam
  • ulujamyň
  • ulujasy
  • ulujasyny
  • ulular
  • ululara
  • ulularam
  • ulularda
  • ululardan
  • ululardanam
  • ululardyr
  • ululary
  • ulularymy
  • ulularyna
  • ulularynda
  • ulularyndan
  • ulularyny
  • ulularynyň
  • ulularyň
  • ulularyňam
  • ululyga
  • ululygy
  • ululygydyr
  • ululygyna
  • ululygynda
  • ululygyndadyr
  • ululygyndan
  • ululygyny
  • ululygynyň
  • ululygyň
  • ululygyňyň
  • ululyk
  • ululykda
  • ululykdadyr
  • ululykdan
  • ululykdyr
  • ulumy
  • ulumyş
  • uluragam
  • uluragy
  • uluragydyr
  • uluragyny
  • ulurak
  • ulurakdan
  • ulurakdy
  • ulurakdyr
  • uluraklar
  • uluraklary
  • uluraklarymyz
  • uluraklaryndan
  • uluraklaryny
  • uluraklarynyň
  • ulusam
  • ulusy
  • ulusydyr
  • ulusymyş
  • ulusyna
  • ulusynda
  • ulusyndan
  • ulusyny
  • ulusynyň
  • ulymy
  • ulymyz
  • ulymyzyň
  • ulyny
  • ulynyň
  • ulyň
  • ulyňyz
  • ulyňyza
  • ulyňyzyň