Ulumsa has bolan gylyk, köpbilmişlik, gedemsilik.
Nursoltan ulumsylyk bilen gursagyny gaýşardyp ýöreýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Men ulumsylygy halaýan däldirin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Seniň ulumsylygyň gopbamsyramagyň hiç kime geregi ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ulumsylyk - ulumsylygy.