ululyk u‧lu‧lyk

  1. Kiçi dällik, gabarasy, göwrümi uly bolanlyk.

    • Onuň depesinden garry sazaklaryň ägirt uly şahalary atylan ok ýaly bolup, dazlap geçýärdiler. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

    • Garnynyň ululygyndan ýaňa eli aýagyna ýetmeýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Predmetiň ölçegi, göwrümi.

  3. Özünden ulynyň ýagdaýy.

  4. seret ulumsylyk

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ululyk - ululygy.


Duş gelýän formalary
  • ululyga
  • ululygy
  • ululygy-da
  • ululygydyr
  • ululygyn
  • ululygyna
  • ululygynda
  • ululygyndadyr
  • ululygyndaky
  • ululygyndan
  • ululygyny
  • ululygynyň
  • ululygyň
  • ululygyňyň
  • ululykda
  • ululykdadygyny
  • ululykdadyr
  • ululykdaky
  • ululykdakylaryň
  • ululykdan
  • ululykdygyna
  • ululykdygyny
  • ululykdyr
  • ululykdyrlar
  • ululyklar
  • ululyklara
  • ululyklarda
  • ululyklardan
  • ululyklardygyny
  • ululyklardyr
  • ululyklary
  • ululyklarymyz
  • ululyklaryn
  • ululyklaryna
  • ululyklarynda
  • ululyklaryndaky
  • ululyklaryndan
  • ululyklaryny
  • ululyklarynyň
  • ululyklaryň
  • ululykly
  • ululyklydyr
  • ululykça