ulturatmak ul‧tu‧rat‧mak işlik

[u:lturatmak]

Bir zat sebäpli awundyrmak, çürkemek.

  • Hi şeýle-de bir şi bolarmy, şeýle-de bir ulturatmak bolarmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şu mekirligiň bilen öňki zamanda bolan bolsaň, senem Aldarköse ýaly bir topar adamyny ulturadardyň. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ulturatmak - ulturadýar, ulturadar, ulturadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ulturadardyň
  • ulturatmak