ulaşmak u‧laş‧mak işlik

  1. Ikinji bir zat bilen sepleşmek ikinji bir zada birikmek, utgaşmak.

    • Mähnet erikleriň gurply şahallary al-asmana ulaşýandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Baş goşmak, baş urmak.

    • Ýöne, ol seniň ýanyňa barýan hem bolsa ýagşy weli, başga obalara gidip, kart-part oýnuna ulaşyp ýören bolmasa-da biridir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Sen aldanyp öňküden hem beter pis käre ulaşaýmagyn -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Sezewar bolmak, duçar bolmak, uçramak.

  4. Bir-birine baglanyşmak, yzygiderli bolmak.


Duş gelýän formalary
  • ulaşan
  • ulaşandygy
  • ulaşany
  • ulaşanyny
  • ulaşdy
  • ulaşdym
  • ulaşmadygym
  • ulaşmadyk
  • ulaşmak
  • ulaşman
  • ulaşmaň
  • ulaşsyn
  • ulaşybam
  • ulaşyp
  • ulaşypdyr-da
  • ulaşýan
  • ulaşýandyr