ukypsyzlyk u‧kyp‧syz‧lyk at

[uky:psyzlyk]

Bir işi, hereketi ýerine ýetirmäge başarjaňlygy, ukyby bolmazlyk, ukyby ýokluk.

  • Olaryň käbiri özüniň gowşaklygy, ukypsyzlygy sebäpli ýüregindäki howsalany daşyna çykarýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Düýe çalyny içmegiň netijesinde gaharjaňlyk, işe ukypsyzlyk ýaly kemçilikler ýok bolýar. (M. Abdyllaýew, Düýe çaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ukypsyzlyk - ukypsyzlygy.


Duş gelýän formalary
  • ukypsyzlyga
  • ukypsyzlygy
  • ukypsyzlygyna
  • ukypsyzlygyndan
  • ukypsyzlygyny
  • ukypsyzlygynyň
  • ukypsyzlygyň
  • ukypsyzlykda