ukyplylyk u‧kyp‧ly‧lyk

[uky:plylyk]

Bir işi, hereketi ýerine ýetirmäge bolan ukyp, başarjaňlyk.

  • Bize ukyplylyk we akyl gerek. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ukyplylyk - ukyplylygy.


Duş gelýän formalary
  • ukyplylyga
  • ukyplylygy
  • ukyplylygydyr
  • ukyplylygyn
  • ukyplylygyna
  • ukyplylygynda
  • ukyplylygyndan
  • ukyplylygyny
  • ukyplylygynyň
  • ukyplylygyň
  • ukyplylygyňyň
  • ukyplylykda
  • ukyplylykdanam
  • ukyplylykdyr
  • ukyplylyklary
  • ukyplylyklarynyň