uklatmak işlik

[u:klatmak]

Ukuly hala getirmek, uka gidermek, ýatyrmak, irkildirmek.

  • Ony basyryp, derledip, ukladyp, tabyna getirmek bolar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Söýýän ýaz gijesi hemişe seni, Ukladyp ýelpeýän salkyn ýel bilen. (R. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uklatmak - ukladýar, ukladar, ukladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ukladanok
  • ukladyp
  • ukladypdyr
  • ukladyň
  • ukladýan
  • ukladýarlar
  • uklatdy
  • uklatdym
  • uklatjak
  • uklatmady
  • uklatmadyň
  • uklatmajak
  • uklatmak
  • uklatmakdan
  • uklatmaly
  • uklatman