[u:k]
Ýokary ujy tüýnüge, aşaky ujy tärime berkidilýän we öýüň üstki bölegini emele getirýän uzyn inçe agaç.
Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, uklarynyň balalary ikinji gezek çykarylypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Uklary iki ýana ýaýyp tärimiň üstünden aşyrylyp hem öýe girmek bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uk - ugum, uguň.
Geplände birine garşy çykman, göwnünden turup bar syryny bilmek, ugruna kowmak, göterilmek.
Elli ilki başlygyň uguny ýekeledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)