[ujy:psyz]
Örän az, sähelçe, sähel.
Olar örän ujypsyz hak alýardylar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Biderek, ähmiýetsiz.
Ujypsyz iş üçin haşlamagyna bolsa Aýnanyň gülküsi tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ejeňi ynjydýanyň şonuň ýaly ujypsyz zat üçinmi? (B. Kerbabaýew, Nebitdag)