Ugurlary bir bolan, bir ugurda bolan.
Şemalyň öwüsýän ugruna ugurdaş bolan köçelerde doly töweregi gaplap, ala tozan buludy bilen garyşyp ownujak gar bölekleri asmanda gaýmalaýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Bir wagtyň özünde, ýüzüniň ugruna.
Ol gürrüňleriň ugrundan daşa çykman, ugurdaş düşündiriş edip gidýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)