ugrukmak işlik

  1. Bir tarapa gönelmek, bir tarapa dogrulanmak.

    • Maşyn göni gündogara ugrukdy. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Ugra düşmek, herekete gelmek, ýola düşmek.

    • Begenjiň sözi doly ugrukmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ugrugan şemal köwsarlap başlady.

    • Olaryň işi ýaňy ugrugyp başlapdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ugrukmak - ugrugýar, ugrugar, ugrugypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ugrugan
  • ugruganlygy
  • ugrugar
  • ugrugyp
  • ugrugýan
  • ugrugýanyny
  • ugrugýar
  • ugrukdy
  • ugrukdyr
  • ugrukjak
  • ugrukma
  • ugrukmady
  • ugrukmaga
  • ugrukmagy
  • ugrukmagyny
  • ugrukmak
  • ugrukmakdan
  • ugrukmaklyk
  • ugrukmalardan
  • ugrukmalary
  • ugrukmalaryny
  • ugrukmalaryň
  • ugrukmaly
  • ugrukmalydyr
  • ugrukmany
  • ugrukmanyň
  • ugrukmasy
  • ugrukmasydyr
  • ugrukmasyna
  • ugrukmasynda
  • ugrukmasyny
  • ugrukmasynyň
  • ugruksa