ugratmak ug‧rat‧mak işlik

  1. Ýola salmak, ýola gönükdirmek, ýola rowana etmek.

    • Bulary ugratmak üçin Aman poşy geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Olaryň daşyndan-da öz ogullaryny, atalaryny ugratmaga gelen hossarlary kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Hat we ş. m. zady birine ibermek, bir ýere ýollamak, göndermek.

    • Ýüki ugratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ugratmak - ugradýar, ugradar, ugradypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ugradaly
  • ugradalyň
  • ugradan
  • ugradanam
  • ugradanda
  • ugradandan
  • ugradandygy
  • ugradandygyna
  • ugradandygyny
  • ugradandyklaryny
  • ugradanlar
  • ugradanlarymy
  • ugradanlaryň
  • ugradanok
  • ugradansoň
  • ugradany
  • ugradanym
  • ugradanymyzda
  • ugradanyna
  • ugradanyny
  • ugradanyňda
  • ugradanyňdan
  • ugradanyňyzda
  • ugradar
  • ugradardy
  • ugradardylar
  • ugradarlar
  • ugradarly
  • ugradarsyň
  • ugradaryn
  • ugradarys
  • ugradaý
  • ugradaýsak
  • ugradaýyn
  • ugradaňokmy
  • ugradyp
  • ugradypdy
  • ugradypdyk
  • ugradypdylar
  • ugradypdyr
  • ugradypdyrlar
  • ugradypdyň
  • ugradyň
  • ugradýan
  • ugradýandygyny
  • ugradýanlar
  • ugradýanlaryň
  • ugradýar
  • ugradýardy
  • ugradýardylar
  • ugradýardym
  • ugradýarlar
  • ugradýarsyňyz
  • ugradýaryn
  • ugradýarys
  • ugratdam
  • ugratdy
  • ugratdy-da
  • ugratdyk
  • ugratdyklary
  • ugratdylar
  • ugratdym
  • ugratdymy
  • ugratdyňmy
  • ugratgyn
  • ugratjagy
  • ugratjak
  • ugratjakdyklaryny
  • ugratjakka
  • ugratma
  • ugratmaga
  • ugratmagy
  • ugratmagymyz
  • ugratmagymyzy
  • ugratmagynda
  • ugratmagyny
  • ugratmagyň
  • ugratmak
  • ugratmakda
  • ugratmaklarynda
  • ugratmaklaryny
  • ugratmaklyga
  • ugratmaklyk
  • ugratmakçy
  • ugratmaly
  • ugratmalydy
  • ugratmalydygy
  • ugratmalydyr
  • ugratmalydyrlar
  • ugratman
  • ugratmandyrlar
  • ugratmany
  • ugratmasaňyz
  • ugratmasyna
  • ugratmaz
  • ugratmazdan
  • ugratmazlar
  • ugratmazyndan
  • ugratsa
  • ugratsagam
  • ugratsak-da
  • ugratsam
  • ugratsamam
  • ugratsaň
  • ugratsyn