Anatomiýa Aýagyň çatalba bilen dyz aralygy.
Iki elini uýlugyna urdy-da: -Haý, ýangyn dünýä, ot aldy! -- diýip gygyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ejem ellerini uýlugyna urup, aglamaga başlady. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uýluk - uýlugy.