uýgunlaşdyrmak uý‧gun‧laş‧dyr‧mak işlik

  1. Täze şertlere, täze ýagdaýlara öwrenişdirmek.

    • Olary biziň howamyza uýgunlaşdyrmak, ilki bada bize örän kyn düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýerli şertlere endik etdirmek.


Duş gelýän formalary
  • uýgunlaşdyrmadyk
  • uýgunlaşdyrmaga
  • uýgunlaşdyrmagy
  • uýgunlaşdyrmagyň
  • uýgunlaşdyrmak
  • uýgunlaşdyrmakdan
  • uýgunlaşdyrmaklyga
  • uýgunlaşdyrmaly
  • uýgunlaşdyrmanyň
  • uýgunlaşdyryp
  • uýgunlaşdyrypdy
  • uýgunlaşdyrypdyrlar
  • uýgunlaşdyrýandygyny
  • uýgunlaşdyrýar
  • uýgunlaşdyrýarlar
  • uýgunlaşdyrýarsyňyz