uýatmak u‧ýat‧mak işlik

Bişirilen süýdi basyryp, gatyk halyna ýetirmek, süýt halyndan gatyk halyna öwürmek.

  • Bu süýdi basyryp, uýatmaly ekeniňiz!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uýatmak - uýadýar, uýadar, uýadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • uýadyp
  • uýadyň
  • uýatmaly