uçut u‧çut

Geografiýa Beýik kert, dikligine çapylan ýaly (gaýa) uçurym.

  • Uçut gaýalaryň ýüzlerinden aýlanyp-dolanyp gidýän ýoda beýik dagyň depesine çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Iki sany adam uçut gaýanyň başyna dyrmaşdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Töweregi uçut gaýaly daglar gurşap dur. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uçut - uçudy.


Duş gelýän formalary
  • uçuda
  • uçudy
  • uçudyndan
  • uçudyň
  • uçutdan
  • uçutlar
  • uçutlaryndan
  • uçutlarynyň
  • uçutlygyna