Howada gaýdyrmak.
Paratda demonstrasiýaçylar tribuna ýakyn gelenlerinde, eginlerine göterip gelýän çagalaryna kepderi uçurtdylar.
Göçme manyda Düýbünden gögermez ýaly etdirmek.
Topalakly ýerlere kül döküp, topalagy uçurtdyk. («Zähmet gahrymanlary»)
Birden bir zadyň bir ýerini döwdürip gaçyrtmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uçurtmak - uçurdýar, uçurdar, uçurdypdyr.