tyrkyldatmak tyr‧kyl‧dat‧mak işlik

Tyrkyldyly seslendirmek, tyrkyldy emele getirmek.

  • Kimdir biri elindäki uzyn hasasyny tyrkyldadyp, edil sekiniň erňegine çenli geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Soltansöýün elindäki gamçysyny eýeriň gaşyna tyrkyldadypdyr. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tyrkyldatmak - tyrkyldadýar, tyrkyldadar, tyrkyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • tyrkyldadybam
  • tyrkyldadyp
  • tyrkyldadypdyr
  • tyrkyldatdy