Iki aralyga tutmak üçin birnäçe in matadan tikilen enjam.
Gelni tutynyň aňyrsyna saldylar.
Bir zadyň öňüne tutulýan perde.
Orazly penjiräniň ýukajyk akja tutusyny iki ýana serpip seretdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Aýnalaryň tutlary arzan baha matalardandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem tuty - tutuda, tutular, tutusy.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.