Sygymlylyk, sygym, göwrüm.
Bir zada görülýän taýýarlyk, bir zat üçin edilýän alada.
Biziň täze oba ýerimizde alyp barýan gurluşyk işlerimiz şäher gurluşygyna meňzeýär, tutumymyz örän uly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Oglum, Hoşgeldi, göwnüme bolmasa, seni bir işiň tutumunda ýaly görýän, iýmeli zatlary örän köp alypsyň, tüwi-ýag hem köp alypsyň, munyň nämäň tutumy?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)