tutulmak işlik

  1. El bilen ýapyşylmak, el bilen saklanmak, ellenmek.

    • El bilen tutulanda-da hiç zat bolmaz!

  2. Ele düşürilmek, ele salynmak, aw ýa-da olja hökmünde alynmak.

  3. Gurşalyp alynmak, hakyna, kireýine işledilmek.

    • Toýda bäş sany taksi tutuldy.

  4. Tussag edilmek, azatlykdan mahrum edilmek, basylmak.

    • Firidunyň tutulmagy olar üçin uly zarbady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Bular meniň tutulan gijäm-menden birinji sorag edilen gije bolupdy. (Ý. Fuçik, Ölümiň öň ýanynda aýdylan sözler)

  5. Bina edilmek, gurulmak, salynmak.

    • Täze oba tutuljak ýurtda gurluşyk işleri ir-ýaz aýlarynda başlandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Hol ýerde haýsydyr bir jaý daşdan tutulýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  6. Asylmak, gerilmek, örtülmek.

  7. Geýimiň ýa-da başga zatlaryň üstüne, gyrasyna parawuz, jähek we ş. m. tikilmek.

    • Eňine we ýakasyna özüne meňzeş matadan jähek tutulýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ol adamyň başynda depesine gyzyl begres tutulan ak telpegi, egninde-de gara kostýumy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  8. Bir zadyň üstünde ele salynmak, üsti açylmak, syry bilinmek.

    • Wüşi kel Hoşgeldini aklajak bolup edýän gürrüňinde özi tutuldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  9. Suwarylmak, suw berilmek.

    • Ekinlere suw tutuldy.

  10. Gezelmek, çenelmek, gönülenmek.

    • Onuň kükregine ýarag tutulanda-da dilini ýormady.

aý tutulmak

seret 1

  • Aýyň bu gezekki tutulmagy TSSR-de gije 2 sagat 54 minutda başlanyp, 6 sagat 40 minutda gutardy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

dil tutulmak

  1. seret dil

    • Artygyň bir hili dili tutuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Howsala düşmek.

    • Nabat, dili tutulan ýaly, geplemäge wagt tapmady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýeňsäňden tutulmak

seret ýeňse


Duş gelýän formalary
  • tutulan
  • tutulana
  • tutulanda
  • tutulandan
  • tutulandy
  • tutulandygy
  • tutulandygyna
  • tutulandygyny
  • tutulandyr
  • tutulanlar
  • tutulanlara
  • tutulanlardan
  • tutulanlary
  • tutulanlaryň
  • tutulanlygy
  • tutulanmyş
  • tutulanok
  • tutulansoň
  • tutulany
  • tutulanyma
  • tutulanymy
  • tutulanyna
  • tutulanynda
  • tutulanyndan
  • tutulanyny
  • tutulanyň
  • tutular
  • tutulara
  • tutulardy
  • tutularsyň
  • tutulary
  • tutularyn
  • tutularyna
  • tutularyny
  • tutulaýdy
  • tutulaýmasa
  • tutulaýsak
  • tutulaýsaňam
  • tutulaýsaňyz
  • tutuldy
  • tutuldyk
  • tutuldym
  • tutuldymy
  • tutuljagyna
  • tutuljagyny
  • tutuljagyňyz
  • tutuljak
  • tutuljakdygy
  • tutuljakdygyna
  • tutuljakdygyny
  • tutuljakdyr
  • tutulma
  • tutulmady
  • tutulmadyk
  • tutulmadyklary
  • tutulmadym
  • tutulmaga
  • tutulmagy
  • tutulmagyna
  • tutulmagynda
  • tutulmagyndan
  • tutulmagyny
  • tutulmagynyň
  • tutulmak
  • tutulmakdan
  • tutulmaklyk
  • tutulmalary
  • tutulmalaryny
  • tutulmaly
  • tutulmalydy
  • tutulmalydygy
  • tutulmalydygyny
  • tutulmalydyr
  • tutulmalydyrlar
  • tutulman
  • tutulmandy
  • tutulmandygy
  • tutulmandygyny
  • tutulmandyr
  • tutulmansoň
  • tutulmanynda
  • tutulmarys
  • tutulmasa
  • tutulmasa-da
  • tutulmasaň
  • tutulmasy
  • tutulmasyn
  • tutulmasyny
  • tutulmasynyň
  • tutulmaz
  • tutulmazdan
  • tutulmazdy
  • tutulmazlygy
  • tutulmazlygyna
  • tutulmazlygyny
  • tutulmazynyň
  • tutulmaýan
  • tutulmaýana
  • tutulmaýanam
  • tutulmaýandygy
  • tutulmaýandygyna
  • tutulmaýandygyny
  • tutulmaýany
  • tutulmaýanyň
  • tutulmaýar
  • tutulmaýardy
  • tutulmaýarlar
  • tutulmaýarmy
  • tutulsa
  • tutulsa-da
  • tutulsalar
  • tutulsam
  • tutulsyn
  • tutulybam
  • tutulyp
  • tutulypdy
  • tutulypdyr
  • tutulypmy
  • tutulýan
  • tutulýana
  • tutulýandygy
  • tutulýandygyna
  • tutulýandygyny
  • tutulýandygynyň
  • tutulýandyr
  • tutulýanlar
  • tutulýanlaram
  • tutulýanlary
  • tutulýanlaryny
  • tutulýanlaryň
  • tutulýanlygy
  • tutulýanlygydyr
  • tutulýanlygynda
  • tutulýanlygyndan
  • tutulýanlygyny
  • tutulýanlygynyň
  • tutulýanyny
  • tutulýanyň
  • tutulýança
  • tutulýar
  • tutulýardy
  • tutulýarlar
  • tutulýarmy