Ýüzi salyk, tukat, gaýgyly, gamgyn.
Ol indi öňküsi ýaly tutuk we tukat däl-de, şadyýandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Onuň ýüzi ýene-de tutuk, gaşlary çytyk. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Açyk däl, bulutly, gamaşyk (Howa hakynda).
Tutuk howada göze görünmeýän Amyderýanyň kuwwatly demi ýüzüňe urýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aýdyň, açyk däl, öçügsi.
Birden şol ýap tarapdan tutuk we güýçli hyrryldy eşidildi. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tutuk - tutugy.