tutuşmak işlik

  1. Bir zady tutmaga kömekleşmek, saklaşmak.

    • Meret kakama balyk tutuşýar.

  2. Bir zady idetmäge kömekleşmek.

    • Men ejeme ýüpek gurçuk tutuşýaryn.

  3. Biri-biriňi tutmak, ýapyşmak, gujaklaşmak.

    • Çagalar iki-ikiden el tutuşyp, tans etmäge başladylar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ol toýlarda kakasynyň göreş tutuşyna, üstün çykyşyna guwanç bilen syn ederdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

el tutuşyp işlemek

seret el

  • Eje, biz biri-birimiz bilen el tutuşyp işleýäris. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • tutuşaly
  • tutuşan
  • tutuşanyny
  • tutuşar-da
  • tutuşdy
  • tutuşdyk
  • tutuşdylar
  • tutuşjak
  • tutuşlary
  • tutuşlaryny
  • tutuşlygy
  • tutuşlygynda
  • tutuşlygyny
  • tutuşlygyň
  • tutuşlyk
  • tutuşma
  • tutuşmady
  • tutuşmaga
  • tutuşmagyna
  • tutuşmak
  • tutuşmaly
  • tutuşman
  • tutuşsa
  • tutuşsam
  • tutuşsana
  • tutuşsaň
  • tutuşyp
  • tutuşypdyrlar
  • tutuşyň
  • tutuşýandygyny
  • tutuşýar
  • tutuşýaryn