Bir zady ellemek, el bilen saklap durmak, birine ýa-da bir zada el bilen ýapyşmak.
Boýnumyň çykan ýerinden tutdy-da, ýokaryk galdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gamşy gowmak tutsaň, eliňi gyýar. (nakyl)
Ele düşürmek, ele salmak, aw ýa-da olja hökmünde almak.
Bu günki ýörüşde ýylan we leňňeç tutdy. («Mydam taýýar» gazeti)
Deňze belet bolmaklygyň hem balyk tutmakda uly peýdasy bar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Gurşap almak, örtmek, büremek, eýelemek.
Onuň bütin kellesini baş tutupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bolçanka keseli bilen kesellän adamyň tenini ýara tutýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Stansiýanyň uly bölegini nar agaçlary tutýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Asmanyň ýüzüni bulut tutdy.
Bir zadyň ugruny başga tarapa sowmak, öwürmek.
Öý eýesi aýal ölügsi çyrany alyp, içki öýe tutdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Hakyna, kireýine almak, hakyna, kireýine işletmek.
Sen, bar-da, iki sany paýtun tut! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Tussag etmek, azatlykdan mahrum etmek, gabamak.
Bina etmek, gurmak, salmak.
Heleý, men seniň üstüňe ak öý tutjak bola-bola şu güne çenli tutup bilmän, hemişe seniň ýanyňda dili gysga bolup gelmegimden, ine indi şu gün, altmyş ýaşymdan soň gutulyp bildim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Asmak, germek, örtmek.
Jeren öýüň aýnalaryna perde tutdy.
Geýime parawuz çekmek.
Birini bir zadyň üstünde ele salmak, üstüni açmak, syryny bilmek.
Dolmak, ýaýramak, ýaňlanmak.
Şowhunly sesler klubuň içini tutdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Aýdym-saz owazy älemi tutdy. (B. Seýtäkow, Senemiň söýgüsi)
Idetmek, saklamak.
Gurçuk tutmagy ussat aýallara tabşyrmaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir ýerde ornaşmak, ýerleşmek, ýaşamak.
Bu ýerde bilbiller hem meken tutar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Biri-birine sepleşmek, ýapyşmak, ýelmeşmek.
Bukjany öňküsi ýaly ýelmejek boldy, emma öňküsi ýaly ýelim tutmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir zat üçin häzirlik görmek, taýýarlyk görmek.
Şaýyňy tut, ýör gideli! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Özüňi bir hili alyp barmak, gyraklaşmak, çetleşmek.
Soňky wagtlarda sen beýlekilere goşulmaýarsyň, özüňi çetde tutýarsyň. («Mydam taýýar» gazeti)
Suwarmak, suw goýbermek.
Suw tutmagyň täze ýolun öwrendi, şol hakda ylmy iş ýazyp ýör indi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gezemek, çenemek, gönülemek.
Garawul görnen gara tüpeň tutdy.
Biriniň işini, kärini dowam etmek, alyp barmak.
Gämide ýerimi tutjak atam bar. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem tutmak - tutdum, tutduň, tutupdyr.
seret arka 1
Seniň arkaňy tutasym gelmeýär. («Mydam Taýýar» gazeti)
Näme üçin geolog hem onuň arkasyny tutýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ýatlamak, agzamak.
Bu gelniň adyny kolhozçylar hormat bilen tutýarlar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Aýawsyz saklamak, tygşytsyz sarp etmek.
Düýp.
Biziň partiýamyzyň düýbüni tutujy. W. I. Lenin G. W. Plehanowyň ýalňyşlaryny, azaşmalaryny tankytlady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Häzir biz uly depgin bilen täze hasylyň düýbüni tutýarys. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
seret düýp
Hat ýazyp okap bilmek.
Näme, aýallaryň eli galan tutýany ýokmy?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret el
Eli ýarag tutan watan goragyna at goýdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
seret eňek
Özüniň bir eňegini tutýan bu garrynyň gürrüňine gidip, ýekeje oglumyň patasyny almadym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret eziz
Biz seni öz balamyzdan eziz tutýarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret göz
seret göz
Şol bir tam dyr çöregim, emdiren süýdüm gözüňi tutandyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret gyzzyrma 1
Men şu gün ýaramak, agşam gyzzyrma tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret ileri
seret keç
Aý, Hoşgeldi, sen hem kejine tutýarsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret ok 1
seret öz 1 1
Indi etjegimi bilerin, özümi tutaryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
seret öz 1
Biz Mommady halamazdyk, ol özüni bizden ýokary tutýardy ahyry. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
seret söz
Işiň görünmezdi, ýer tutman sözüň, «Güzeran» diýip darasaň-da gurt kimin. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
seret tanap
seret ýaka
Adam ölmese, her bir zady görjek ekeni! -- diýip, ýakasyny tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret ýas
Dul galan aýaly adamsynyň ýasyny tutmaga goýman, derrew satdylar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
seret ýüz 1
Näme habar bar? -- diýip, aňyrdan gelenleriň iň ýaşulusy hasaplap, Nepes aga ýüz tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Agitatorlar köne hormatly kolhozçylara ýüz tutdular. («Sowet Türkmenistany» gazeti)