tutluk

[tu:tluk]

Tut agajynyň köp biten ýeri.

  • Mekdebiň dört tarapy hyşalyk, buýanlyk, gür tutluk. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tutluk - tutlugy.


Duş gelýän formalary
  • tutluga
  • tutlugy
  • tutlugyň
  • tutlukda
  • tutlukdan
  • tutluklary