tutdurmak işlik

  1. El bilen saklatmak, sakladyp duruzmak.

    • Ýüpüň bir ujundan ýoldaşyna tutdurdy.

  2. Bir zady biriniň eline bermek.

    • Ol dik duran ýerinden elini jübüsine sokup, oňa bir topbak güli tutdurdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Gelen dessime, kitabyny elime tutdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Türmä saldyrmak, basdyrmak, gabatmak.

    • Hanha, ol pis açan Gulman batyry agtaryp tapyp tutdurmak üçin ýörite Aşgabada gidipdir. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  4. Bir tarapa çaltlyk bilen ylgap gitmek, ýöräp ugramak, ýüzüň ugruna gitmek.

    • Päheý, muňa seret, bileňokmy?! Elbetde, göni şol aýyrda tutdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  5. Iki zady biri-birine ýelmeşdirmek, berklemek.

    • Semawaryň gaçan otlugyny galaýy bilen tutdurdy.


Duş gelýän formalary
  • tutduran
  • tutduranda
  • tutdurandygy
  • tutdurandyr
  • tutduranmyş
  • tutduranymdan
  • tutduranyny
  • tutdurardy
  • tutduraýmagynyň
  • tutdurdy
  • tutdurdy-da
  • tutdurdylar
  • tutdurdym
  • tutdurdym-da
  • tutdurdyň
  • tutdurjagyny
  • tutdurjak
  • tutdurjakmy
  • tutdurmady
  • tutdurmadym
  • tutdurmaga
  • tutdurmagy
  • tutdurmagyň
  • tutdurmajak
  • tutdurmak
  • tutdurmakdan
  • tutdurmaly
  • tutdurmalydyr
  • tutdurman
  • tutdurmaryn
  • tutdurmasyny
  • tutdurmaz
  • tutdurmazlyk
  • tutdurmaýan
  • tutdurmaýardy
  • tutduryp
  • tutdurypdy
  • tutdurypdyr
  • tutdurypdyr-da
  • tutdurypdyrlar
  • tutduryň
  • tutdurýan
  • tutdurýanyny
  • tutdurýar
  • tutdurýardy
  • tutdurýarlar
  • tutdurýarsyň