[tutawa:ç]
Bir guralyň el bilen tutulýan ýeri, tutguç.
Elliniň gabsanyň petleli taýyndan tutawaç gözläp, işik açjak bolup urnuşyny hasaba almasak, ol işikden kynçylyk görmän daş çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Tutawajy bir gapdala aýlanda, turba galyp, beýläk aýlasaň ol aşak düşýärdi. («Pioner» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tutawaç - tutawajy.