tutaşdyrlyk tu‧taş‧dyr‧lyk

[tutaşdy:rlyk]

Ot tutaşdyrmak üçin hyzmat edýän ownuk agaç ýa-da kagyz bölejikleri, çöpleme.

  • Biziň külbämizde tutaşdyrlyk hem gury çöp ýokdur. (Myraly)

  • Mädreýim aga tutaşdyrlygy bilen bir gujak ojar alyp, gapydan girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tutaşdyrlyk - tutaşdyrlygy.


Duş gelýän formalary
  • tutaşdyrlygy