[tu:t]
Botanika Ýapragy ýüpek gurçuklaryna berilýän, böwürsleniň miwesi ýaly miwe berýän agaç.
Haýatyň ortasyndan geçýän suwly ýabyň gyralaryny bolsa igdedir tut agaçlary tutup otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Oglanlar tutlara çykyp, ýaprakly çybyk kesdiler. («Pioner» žurnaly)
Oglan howlugar, tut wagtynda bişer. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tut - tudum, tuduň.