turuzmak işlik

  1. Birini oturan ýerinden aýaga galdyrmak, dik duruzmak, ör boýuna galdyrmak.

  2. Ukudan oýatmak.

    • Mugallym ony ýerinden turuzdy. Bar, onda Orazy turzup goýber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem turuzmak - turzar, turzupdyr.

goh turuzmak

seret goh

gopgun turuzmak

seret gopgun

  • Arada, ýygnakda doklad etmeli bolamda, uly gopgun turuzdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Biz bu ýerde baýaky daýzamyzyň geçen ýyllardaky turzan gopgunlary hakynda gürrüň açjak. («Tokmak» žurnaly)

topalaň turuzmak

seret topalaň

tozan turuzmak

seret tozan


Duş gelýän formalary
  • turuzdy
  • turuzdy-da
  • turuzdylar
  • turuzdym
  • turuzgyn
  • turuzjagyny
  • turuzjak
  • turuzjakdygy
  • turuzmady
  • turuzmadylar
  • turuzmadyňyz
  • turuzmaga
  • turuzmaga-da
  • turuzmagy
  • turuzmagyna
  • turuzmagyndan
  • turuzmagynyň
  • turuzmagyň
  • turuzmajagyny
  • turuzmak
  • turuzmakdan
  • turuzmaklaryna
  • turuzmaklygyny
  • turuzmakçy
  • turuzmaly
  • turuzman
  • turuzmandyrlar
  • turuzmasa-da
  • turuzmazlyga
  • turuzmazlyk
  • turuzmaýar
  • turuzmaýardy
  • turuzmaýyn
  • turuzsalar
  • turuzsam
  • turuzýan
  • turuzýandyklaryny
  • turuzýar
  • turuzýardy
  • turuzýardylar
  • turuzýarlar
  • turuzýarsyň
  • turzaly
  • turzan
  • turzandygy
  • turzandyklaryndan
  • turzanlardy
  • turzanlarynda
  • turzanlaryň
  • turzanlygy
  • turzany
  • turzar
  • turzar-da
  • turzardy
  • turzarlar
  • turzaýynmy
  • turzup
  • turzupdy
  • turzupdylar
  • turzupdyr
  • turzupdyrlar
  • turzuň