Mülksüz-emläksiz galmak, batmak, dargamak.
Göçme manyda Geýlip ýyrtylmak, dargamak.
It ýaly ykmandan bir näçe çarygym tozdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Onuň egninde güne agaran sowsanysy bar, baş bogusyny oda salsaň, tütejek däl, balak ýüpi hem tozup gidipdir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem tozmak - tozdum, tozduň, tozupdyr.