topby top‧by

  1. Aýallaryň gyňaç, alyn daňy we ş. m. zatlar orap, kellelerine geýýän sommagy, börük.

    • Indi Hoşgeldiniň gözüniň öňünde duran kellesi kiçijik topbuly, egni oba lybasly, göwşüllän keteni köýnekli, iki dulugy içine çekilen, hor görnüşli ýaş aýal däl-de, göýä başga suratdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Akbibi başyndaky topbusyny çykardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Dialektal söz Ýap çagalara gyşyna geýdirilýän, pagta salyp syralan baş geýimi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem topby - topbuda, topbular, topbusy.


Duş gelýän formalary
  • topbulary
  • topbularyny
  • topbuly
  • topbusy
  • topbusyny
  • topbynyň