Adamlaryň, haýwanlaryň ýa-da predmetleriň bir ýere üýşen üýşmegi, topar.
Adamlar hem atlaryň gelýän ugruna baka topbagy bilen öňe süýşmäge başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem topbak - topbagy.