tokmaklamak tok‧mak‧la‧mak işlik

  1. Tokmak bilen döwmek, tokmak bilen urup owratmak.

    • Silos dürüşdesini çukurda tokmaklap berçikdirmeli. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Urmak, ýençmek, saýgylamak.

    • Duşmanlary tokmaklasam hem tokmaklaryn, tokmaklamasam hem tokmaklaryn. («Tokmak» žurnaly)

  3. Göçme manyda Teýeneli söz aýtmak, tankytlamak, käýemek.

    • Gördüňmi, araky hasabat-saýlaw ýygnagy bolanda, meni şaly döwýän ýaly, nähili tokmakladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • tokmakladylar
  • tokmaklamaly
  • tokmaklamasam
  • tokmaklamasaň-da
  • tokmaklamasaňam
  • tokmaklap
  • tokmaklar
  • tokmaklaryn
  • tokmaklasam
  • tokmaklasaň-da
  • tokmaklasaňam