tohum to‧hum

  1. Ekmek üçin niýetlenen saýlama däne.

    • Tohumlaryň ikisi-de bir wagtyn özünde bir meňzeş şertlerde ekildi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ol toýunsow ýerlerden ýokary hasyl almak üçin, ilki bilen gowaçalardan endigan tohum almagyň gerekdigine oňat düşünýärdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Täze janly organizmi emele getirýän madda, döl.

    • Tohum bereris welin her gapdan 52 kilogram pile alynmalydyr. («Pioner» žurnaly)

  3. Oňat sortly haýwan.

    • Fermada häzir 25 tohum sygyr bolup, olaryň her biri günde 30 litre çenli süýt berýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Bir säwlik sebäpli şu saparky döwekde tohum atlary ulanmak dogry gelipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • tohuma
  • tohumda
  • tohumdan
  • tohumdy
  • tohumdyr
  • tohumlar
  • tohumlara
  • tohumlarda
  • tohumlardan
  • tohumlary
  • tohumlarydyr
  • tohumlaryn
  • tohumlaryna
  • tohumlarynda
  • tohumlaryndan
  • tohumlaryny
  • tohumlarynyň
  • tohumlaryň
  • tohumlaýyn
  • tohumly
  • tohumlydyr
  • tohumlyga
  • tohumlygy
  • tohumlygynda
  • tohumlygyň
  • tohumlyk
  • tohumlykda
  • tohumlylar
  • tohumlylara
  • tohumlylarda
  • tohumlylardan
  • tohumlylary
  • tohumlylarynyň
  • tohumlylaryň
  • tohumlylygy
  • tohumlylygyny
  • tohumlylygynyň
  • tohumlylygyň
  • tohumlylyk
  • tohumsyz
  • tohumy
  • tohumydyr
  • tohumymyzda
  • tohumyn
  • tohumyna
  • tohumynam
  • tohumynda
  • tohumyndaky
  • tohumyndan
  • tohumyndandyr
  • tohumyny
  • tohumynyň
  • tohumynyňky
  • tohumynyňkylar
  • tohumyň
  • tohumyňa
  • tohumyňda
  • tohumyňky
  • tohumyňyz
  • tohumyňyzy