togalamak to‧ga‧la‧mak işlik

  1. Bir zady togalak etmek, şar görnüşine getirmek.

    • Oglanlar palçykdan togalap göjek ýasadylar.

  2. Oklaw, turba görnüşine getirmek.

    • Demriň bir listini togalamak üçin 4-6 adamyň güýji talap edilýärdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. Tigirläp goýbermek, tigirläp, itip alyp gitmek.

    • Çelegi togalap alyp gitdiler.

  4. Agdaryp goýbermek, ýykmak.

    • Tüpeňiň nili äpişgäniň ýokarky gözlerine ilip, aýnany kül-pagyş etdi, özüni hem arkanlygyna togalady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • togalabam
  • togalady
  • togaladyň
  • togalajak
  • togalajyk
  • togalaly
  • togalalymy
  • togalamagyna
  • togalamak
  • togalamaly
  • togalamalydygyny
  • togalamasam
  • togalan
  • togalandy
  • togalanlygy
  • togalansoň
  • togalap
  • togalapdyr
  • togalapdyr-da
  • togalapdyrlar
  • togalar
  • togalaryn
  • togalaryny
  • togalasym
  • togalaýan
  • togalaýanam
  • togalaýmasyn
  • togalaýyn