Şar formasynda bolan.
Togalak ala garpyz.
Oklaw şekilli daşy tegelek bolan, ýasy bolmadyk (agaç, demir we ş. m. hakda).
Togalak pürs.
Göçme manyda Kelte boýly, semiz (adam hakda).
Bir togalak ýigit gülmän-yşman käýindi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem togalak - togalagy.