titretmek tit‧ret‧mek işlik

  1. Nähoşluk ýa-da näsaglyk zerarly bedeniňi sandyratmak, endiretmek galpyldatmak.

    • Ýarasynyň agyrysy onuň deşli göwresini titredýärdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  2. Zarba ýa-da ýeliň güýji we ş. m. zerarly yraň atdyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem titretmek - titredýär, titreder, titredipdir.


Duş gelýän formalary
  • titreden
  • titreder
  • titrederdi
  • titredip
  • titredýän
  • titredýär
  • titredýärdi
  • titretdi
  • titretme
  • titretmegi
  • titretmek