Itler maşgalasyndan bolan, uzyn guýruk, süýtemdiriji, ýyrtyjy haýwan.
Torsuk gapyny açyp görse, tilki dur. («Pioner» žurnaly)
Tilkiniň müň-de bir sapalagy, iň gowusy-görünmezlik. (nakyl)
Göçme manyda Örän hilegär, sapalakçy, ýalançy adam.
Ol tüýs tilkidir.
seret gurt 2
Daň ýagtylyp başlamak, daň saz berip ugramak.
Daň tilki guýruk bolanda turan Näzik, ýene hemişeki adaty boýunça sygryny sagdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.