tikenekletmek işlik

Endamyňy çümşüldetmek, tenini digir-digir etmek.

  • Çygly çytawuň şemal ýalaňaç ýaňaklary ýalap, alabahar gününe görä geýnenleriň endamyny tikenekledýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tikenekletmek - tikenekledýär, tikenekleder, tikenekledipdir.


Duş gelýän formalary
  • tikenekledip
  • tikenekledýän
  • tikenekledýärdi
  • tikenekletdi
  • tikenekletjek