Haýwanlaryň nejasady.
Ol küýzejikler çüýrän dersiň we sygyr tezeginiň garyndysyndan taýýarlanylýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Tezek çöplemek, odun getirmek, sygra seretmek, haly dokamak ýaly işler bilen bile ösüpdi we kemala gelipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tezek - tezegi.