[terti:psizlik]
Özüňi alyp baryş normalaryny ýerine ýetirmezlik, düzgünsizlik, terbiýesizlik.
Onuň tertipsizlik eden wagtyny görmändirler. («Mydam taýýar» gazeti)
Düzgüne salynmazlyk, dogry düzgünleşdirilmezlik, ýerbe-ýer dällik, başly-baratlylyk.
Onuň ýolbaşçylyk edýän ýerinde hiç hili tertipsizlik bolup bilmez. («Tokmak» žurnaly)
Yzygiderli, birsydyrgyn dällik, düzgün-nyzamsyzlyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tertipsizlik - tertipsizligi.