[terti:p]
Bir zadyň dogry düzgünleşdirilen ýagdaýy, düzgün.
Suwy tygşytly ulanmakda degişli tertip bolmalydyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Egin-eşiginiň arassaçylygyna hem tertibine çaga wagtynda-da geleňsizdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir zadyň yzygiderli, bir sydyrgyn gidişi.
Krosswordyň formasyny düzeniňden soň, ony tertip boýunça nomerlemeli. («Mydam taýýar» gazeti)
Bir zadyň berjaý ediliş, amala aşyrylyş düzgüni.
Saýlawda ses bermeklik tertibi.
Bir kollektiwiň, maşgalanyň ähli çlenleri üçin berkarar edilmeli düzgün, kada-kanun.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tertip - tertibi.