teklip

[tekli:p]

  1. Maslahata goýulýan mesele boýunça girizilýän pikir, edilýän talap.

    • Gennadiý pionerleriň her biriniň teklibini sypdyrman belleşdirdi. («Pioner» žurnaly)

  2. Berilýän buýruk.

    • Men siziň teklibiňize boýun! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem teklip - teklibi.

teklip girizmek

Maslahatda, ýygnakda we ş. m. pikir aýtmak.


Duş gelýän formalary
  • teklibe
  • teklibem
  • teklibi
  • teklibidir
  • teklibim
  • teklibime
  • teklibimi
  • teklibimizi
  • teklibimiziň
  • teklibinde
  • teklibinden
  • teklibine
  • teklibinem
  • teklibini
  • teklibiniň
  • teklibiň
  • teklibiňe
  • teklibiňiz
  • teklibiňize
  • teklipden
  • teklipdigini
  • teklipler
  • tekliplerden
  • tekliplere
  • teklipleri
  • teklipleridir
  • tekliplerimizi
  • tekliplerinden
  • tekliplerine
  • tekliplerini
  • teklipleriniň
  • teklipleriň
  • teklipleriňizi
  • teklipli
  • teklipliligi