tekizlemek işlik

[teki:zlemek]

Tekiz etmek endiganlamak, düzlemek.

  • Gelin-gyzlar sürlen atyzlary, endigan tekizleýärler. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Kolhozda ýerleri dökünlemek, tekizlemek, çil çekmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • tekizlediler
  • tekizleme
  • tekizlemegi
  • tekizlemegiň
  • tekizlemek
  • tekizlemeli
  • tekizlemezden
  • tekizlemäge
  • tekizleýärler
  • tekizläp
  • tekizläpdirler