tekiz sypat

[teki:z]

  1. Ýüzi, üsti endigan, oý däl, belentli-pesli bolmadyk, ýylmanak.

    • Tekiz gaty ýere takyr diýilýär. («Pioner» žurnaly)

    • Tekiz bolmasa-da, buz ýaly taýdyryp barýan gury haşal otlaryň üsti bilen ýuwaşja ýöräp, ol ahyr çeşmä gelip ýetdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Göçme manyda Tutuş örtülen, endigan.

    • Tekiz görünýän gök gowaçanyň üstünde sarymtyl güller ülpüldeşip görünýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Tekiz ak buludyň aňyrsynda gizlenen Günüň çen bilen günorta ýerine baran mahaly, üç sany maşyn dazlap barýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • tekizdigini
  • tekizdir
  • tekizlige
  • tekizligi
  • tekizliginde
  • tekizliginden
  • tekizligine
  • tekizligini
  • tekizliginiň
  • tekizligiň
  • tekizlik
  • tekizlikde
  • tekizlikden
  • tekizlikdi
  • tekizlikdir
  • tekizräk
  • tekizsizligini