tekge

Birine berilýän goldaw, edilýän kömek (esasan fiziki taýdan).

  • Ol häzir daýawdy we kişi tekgesine mätäç däldi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ol bir gobsundy, ýoldaşlary öňa tekge berdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

tekge etmek

Söýget bermek, bir zady diräp goýmak.

  • Basgançagyň üstünde ýüzi hor, reňki öçük ýadaw aýal iki ýumrugyny kellesine tekge edip otyrdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • tekgesi
  • tekgesine
  • tekgesiz