tekepbirlik

[tekepbi:rlik]

Göwnüýetmezçilik, äsgermezçilik, ulumsylyk, gopbamsylyk.

  • Sapanyň ganynda mesgen tutan ol tekepbirligi, ol yza galaklygy ýüplük üzen ýaly edip taşlamak, mümkin däldir. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Myhmanyň üstüni basyp geçýärsiň, şu hem edeplilikmi? Tekepbirlik! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tekepbirlik - tekepbirligi.


Duş gelýän formalary
  • tekepbirlige
  • tekepbirligi
  • tekepbirligimi
  • tekepbirligine
  • tekepbirliginiň
  • tekepbirligiň
  • tekepbirlikden
  • tekepbirlikdir