Önümçilik gurallarynyň hem-de adam zähmetiniň ýokary öndürijiligini gazanmak üçin ulanylýan serişdeleriň jemi.
Onuň täze tehnika bilen üpçün edilen ençeme kärhanasy bar. («Mydam taýýar» gazeti)
Bir kärde, hünärde peýdalanylýan usul, tär, ussaçylyk.
Içi-daşy mermerden, beýik jaýlar salýarys, Ýokary tehnikany ykjam ele alýarys. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Uruş tehnikasyny jan edip öwrenýärin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Maşynlar, mehaniki gurallar, desgalar.
Dünýäde deňi ýok tehnika sende, Baryndan peýdalan, baryn işe sal. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)